Добавить новость


Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

'Aždar wakasy' bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän adamlar heniz hem 'yzarlanýar'

2008-nji ýylda Aşgabadyň eteginde bolup geçen we 'Aždar wakasy' hökmünde ýatda galan atyşygyň yz ýany, häkimiýetler tarapyndan özüniň ýurtdan gaçyp gitmäge mejbur edilendigini aýdýan we häzirki wagtda daşary ýurtda ýaşaýan bir türkmenistanly bu waka bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän adamlaryň heniz-de yzarlanýandygyny gürrüň berýär.


“Men haby gullukdan soňra öýlenip, rahat durmuş alyp barýardym. Emma şol gabatlar Aždar öz ýaranlary bilen Hitrowkanyň köçelerini baglap, hökümet bilen açyk ýaragly çaknyşyga girenden soňra, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri bu sebitde ýaşaýan beýleki käbir adamlar bilen bir hatarda meni-de soraga çekip başladylar” diýip, türkmenistanly migrant Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.




Ol özüniň musulman bolandygyny we şol wagtlar kiçeňräk bir telekeçilik işi bilen meşgullanandygyny aýdýar. Ýöne häkimiýetler kiçi telekeçini Aždar wakasy bilen ilteşikli bolmakda güman edip, yzarlap başlapdyrlar.


17 ýyl ozal, 2008-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň eteginde ýaragly adamlar bilen häkimiýetleriň arasynda atyşyk boldy. Iki-üç gün dowam eden bu waka ilat arasynda ‘Aždar wakasy’ hökmünde ýatda galdy. Atyşyga getiren şertler, ýaragly çaknyşygyň ýol açan adam ýitgileri gümürtik bolmagynda galdy. Ýaragly adamlara ýolbaşçylyk eden Aždar atly adamyň hakyky adynyň Hudaýberdi Amandurdyýew bolandygy, onuň has ozal 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda ýurduň taryhynda tas ilkinji we iň soňky gezek bolup geçen köpçülikleýin protestlerde hem tussag edilip, soňra türmeden boşadylandygy aradan köp wagt geçenden soňra jemgyýetçilige mälim bolupdy.


Bu waka boýunça soňky wagtlarda peýda bolup başlan käbir maglumatlarda bolsa, çaknyşyk bilen ilteşikli bolmakda güman edilen ýüzlerçe adamyň repressiýalara sezewar edilendigi aýdylýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy özüniň bu waka bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, ýurtdan gaçmaga mejbur bolandygyny aýdýan we efirde adynyň agzalmazlygyny soraýan türkmenistanly migrant bilen gürrüňdeş boldy.


“Meniň kiçeňräk bir biznesim bardy, üstesine musulman bolanym üçin, meni Aždar bilen ilteşikli hasaplap, galp aýyplama bildirip başladylar. MHM-däki tanyşlarym meniň emläklerime häkimiýetler tarapyndan göz dikilýändigini aýtdy. Şondan soňra, ýurtdan çykmak kararyna geldim” diýip, migrant aýdýar.


Ol şondan soňra, ýurtdan çykmagy başarýar, ýöne munuň yz ýany, 2009-njy ýylda öz aýalynyň erkek doganynyň häkimiýetler tarapyndan azatlykdan mahrum edilendigini gürrüň berýär.


Daşary ýurtlarda on ýedi ýyl çemesi wagt geçiren türkmenistanly özüniň hiç hili etmişiniň ýokdugyny, ýöne türkmen häkimiýetleriniň “eden-etdiligi sebäpli” ýurda dolanyp bilmeýändigini gürrüň berýär.


Ol daşary ýurtlardaky başdan geçirmeleri, ýaşaýyş şertleri barada hem Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçenden soňra ýurduň harby we howpsuzlyk giňişliginde bolup geçen iki sany möhüm waka ýatda galdy. Olaryň biri Aşgabadyň eteginde gümürtik şertlerde bolup geçen ‘Aždar wakasy’, beýlekisi bolsa, 2011-nji ýylyň tomsunda häzirki Büzmeýin şäherinde ýerleşýän bir ok-däri ammarynda bolup geçen, hem-de köp sanly adam ýitgilerine getiren “Abadan partlamasy” boldy. Bu wakalarda çekilen ýitgiler we olara getiren şertler barada jemgyýetçilige açyk maglumat berilmedi.




Umuman, Türkmenistanyň 33 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda şulara meňzeş dört iri waka: 90-njy ýyllaryň başlarynda Aýmyrat atly bir kanuny ogra ölüm jezasynyň berilmegi hem-de onuň jezasynyň ýerine ýetirilişiniň döwlet telewideniýesinde görkezilmegi, 2002-nji ýylyň noýabrynda “Sanjar wakasy” hökmünde ýatda galan köpçülikleýin tussag etmeler, 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda “Aždar wakasy” hökmünde ýatda galan ýaragly çaknyşyk hem-de 2011-nji ýylyň iýul aýynda ýurduň iň iri ok-däri ammarynda bolan “Abadan partlamasy” hakydalarda galdy. Bu wakalar resmi maglumatlarda adamyň janyna  howp abandyrylmagy we howpsuzlyk meseleleri hökmünde düşündirildi. Ýurt raýatlarynyň arasynda bular boýunça heniz hem jogaplanmadyk bir topar sorag peýda bolýar.


Bular bilen bagly käbir maglumatlar bolsa, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan türkmenistanly migrantyň mysalynda bolşy ýaly, ençeme ýyl arakesmeden soňra hem ýagtylyga çykyp bilýär.


Azatlyk Radiosy howpsuzlyk aladalary sebäpli, Aždar wakasyndan soňra ýurtdan çykan türkmenistanly migrantyň şahsy jikme-jikliklerini paýlaşmakdan saklanýar. Bu wakalaryň täsiri astynda häkimiýetleriň yzarlamalaryna duçar bolan maşgalalaryň anyk sany aýdylmaýar.


"Bu wakadan 17 ýyl geçdi emma hökümet heniz-de adamlara rahat ýaşamaga mümkinçilik bermeýär. Daşary ýurtlarda meniň ýaly gaçyp ýören ençeme türkmen bar. Bu dowzah haçan gutarar, bilemok" diýip, türkmenistanly migrant aýdýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России