Türkmenistanyň prezidentiniň Özbegistana sapary planlaşdyrylýar.
Türkmenistanyň prezidentiniň Özbegistana sapary planlaşdyrylýar. Media maglumatlaryna görä, bu barada Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iki goňşy ýurduň diplomatik gatnaşyklarynyň 25-nji ýyl dönümine gabatlap, türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowa ýollan gutlag hatynda mälim edildi.
“Siziň Özbegistan Respublikasyna ýetip gelýän saparyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, ol şübhesiz taryhy waka bolar, ähli taraplaýyn özbek-türkmen gatnaşyklaryň ägirt uly potensialynyň açylmagyna gulluk eder” diýlip, Özbegistanyň prezidentiniň hatynda aýdylýar.
2006-njy ýylda Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň ýogalmagynyň yzýany ýurt başyna geçen Mirziýoýew dekabrda prezident saýlanmagynyň yzýany ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrdy we 2017-nji ýylyň dowamynda iki gezek goňşy ýurda baryp, prezident Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň prezidenti Özbegistana 2016-njy ýylyň iýun aýynda we 2008-nji ýylyň mart aýynda sapar edipdi.