ABŞ Pakistana howpsuzlyk ugrundan 900 million dollarlyk kömegi ýatyrdy
ABŞ-nyň hökümeti Yslamabat owgan “Talybanyna” we Pakistanyň serhetlerinde hereket edýän “Hakgani” toparyna garşy “aýgytly hereketlere” girişýänçäbu ýurduň harbylary üçin azyndan 900 million dollarlyk kömegi ýatyrýandygyny aýtdy.
“Talyban we Hakgani topary Pakistanyň içinde pena tapýarlar we olar Owganystany durnuksyzlandyrmak hem-de ABŞ we onuň ýaranlaryna hüjüm etmek üçin dildüwüşik gurnaýarlar” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Heather Nauert 4-nji ýanwarda aýtdy.
Döwlet departamenti Pakistana kömegiň ýatyrylmagy bilen bagly detallaryň üstünde işlenilýändigini belledi. ABŞ-nyň resmileri kararyň Pakistana berilýän graždan kömege täsir ýetirmejegini mälim etdiler.