Öňem adam öldürmekde günäli tapylan rus ofiseri ýene 60 zenany öldürmekde aýyplanýar
22 aýaly öldürmekde ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen orsýetli öňki polisiýa ofiseri başga-da 60 aýaly öldürmekde aýyplanyp, gaýtadan sud edilýär.
Öňem adam öldürmekde günäli tapylan 53 ýaşyndaky Mihail Popkowyň ikinji sud diňlenişigi 10-njy ýanwarda Russiýanyň günorta-gündogar Sibir sebitiniň Irkutsk regional sudunda geçirildi.
Sud Popkowa ýöňkelýän aýyplamalary mälim edip, sud diňlenişigini 15-nji ýanwara geçirdi we munuň ýapyk gapylaryň arkasynda geçiriljekdigi barada karar çykardy.
Angarsk şäherinde işlän öňki polisiýa ofiseri Popkow jynsy zorluk we 1997-nji ýylda üç zenanyň öldürilmegi bilen baglanyşykly DNA subutnamalaryndan soň, 2012-nji ýylda tussag edilipdi. Şondan soň ol has köp zenany öldürendigini boýun aldy diýip, Russiýanyň häkimiýetleri aýtdylar.
2015-nji ýylyň ýanwar aýynda Popkow 22 aýaly öldürmekde we 1994-2000-nji ýyllar aralygynda iki zenany öldürmäge synanyşmakda günäli tapylyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.