Türkiýe: Russiýa, Eýran siriýa armiýasynyň Idlibdäki hüjümlerini bes etmeli
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Russiýany we Eýrany Siriýanyň parahatçylyk plany boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmäge we siriýa hökümet güýçleriniň Idlib welaýatynda amala aşyrýan hüjümleriniň öňüni almaga çagyrdy. Ol bu hüjümleriň olaryň goldawy bolmazdan amala aşyp bilmejegini hem sözüniň üstüne goşdy.
10-njy ýanwarda Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligine beren interwýusynda Çawuşoglu Siriýanyň hökümet güýçlerini yslamçy ekstremistlere garşy göreşiň arkasyna bukulyp, aram oppozision söweşijilere hüjüm etmekde aýyplady.
Şeýle-de, ol Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetiniň esasy iki ýarany Russiýany we Eýrany Idlib welaýatynyň pitneçileriň kontrollygyndaky territoriýalaryna howa zarbalaryny amala aşyrmagy bes etmäge çagyrdy.
Türk daşary işler ministriniň bu çykyşy, 8-nji ýanwarda Siriýanyň hökümet güýçleri 14 obanyň kontrollygyny öz gözegçiligine geçirendigini mälim etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.