Türkmenistanyň daşary işler ministri Meredow Yslamabada bardy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn we regional meseleleri maslahat etmek üçin iki günlük resmi sapar bilen duşenbe güni Pakistanyň paýtagty Yslamabada bardy. Bu barada “Geo News” neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 12-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde aýdylmagyna görä, saparyň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi proýektini we beýleki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Meredow Pakistanyň daşary işler ministri Hawaja Muhammad Asifiň çakylygy bilen Yslamabada sapar edýär.
Prezident Berdimuhamedow geçen ýylyň dekabrynda TOPH geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga bermek planlaryny yglan etdi hem-de owgan, pakistan kärdeşlerini bu dabara gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle-de Berdimuhamedow dekabrda rus prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gürleşip, Orsýeti hem TOPH geçirijisiniň gurluşygyna goşulmaga çagyrdy.
Emma rus prezidenti Owganystanda “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň agzalarynyň peýda bolandygyny aýdyp, bu proýekti durmuşa geçirmek ähtimallygyna şübhe bildirdi.