Sankt-Peterburg: Dört türkmenistanly talaňçylykda aýyplanýar
Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň dört raýaty talaňçylykda aýyplanýar diýip, “Fontanka” neşiri habar berýär.
Neşir özüniň penşenbe güni beren maglumatynda, şäheriň derňew komitetiniň öz watandaşlaryndan gorkuzyp pul almakda güman edip, 24 ýaşyndaky Azizbek Bekniýazowa, 25 ýaşyndaky Sanjar Madraimowa, 29 ýaşyndaky Mergen Kakaýewa we 26 ýaşyndaky Döwlet Glyjowa garşy jenaýat işini gozgandygyny aýdýar.
Derňewleriň netijelerine görä, etniki talaňçy toparyň döredijisi Bekniýazow bolup, ol öz watandaşlaryny jenaýata baş goşmaga çekipdir. 2017-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda Leningrad regionynda agzalýan dört adam iki gezek talaňçylyk edip, bir sapar ogurlyga baş goşupdyr. Sankt-Peterburgda bolsa, gürrüňi edilýän türkmenistanlylar iki adamyň janyna kast etmäge synanyşmakda güman edilýär diýlip, rus neşirinde bellenilýär.
Aýdylmagyna görä, Kakaýew, Glyjow we Bekniýazow adamlaryň zadyny gorkuzyp almakda Leningrad regionyndaky tussaghanada saklanylýar. Şeýle-de, olara talaňçylyk aýyplamasynyň bildirilmegi planlaşdyrylýar. Şu ýylyň 10-njy ýanwarynda aýyplama bildirilen Madraimowyň tussaglygy baradaky meselä garalýar.
Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän türkmenistanlylaryň käbiriniň dürli jenaýatlara baş goşýandyklary barada daşary ýurt media serişdelerinde wagtal-wagtal maglumatlar peýda bolýar.
Geçen ýylyň iýun aýynda Ukrainada okaýan türkmenistanly student 1993-nji ýylda doglan bolgariýaly bir gyzy parçalara bölüp, rehimsizlik bilen öldürmekde aýyplandy.
Ýokarda gürrüňi edilen habarlar dogrusynda, türkmen häkimiýetleri, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary resmi beýanat bilen çykyş etmän gelýärler.