Siriýadaky kürt sebitine hüjüm wagtynda türk şäherine raketa atyldy
Türk resmileri güman edilýän kürt söweşijileriniň serhediň aňyrsynda raketa atandyklaryny we şondan birnäçe sagat soň türk goşunlarynyň demirgazyk Siriýada kürtleriň ýolbaşçylygynda dolandyrylýan sebitde operasiýa başlandyklaryny aýdýarlar.
Kilisiň gubernatory Mehmet Tekinarslan 21-nji ýanwar güni irden serhet şäherinde dört sany raketanyň gelip düşendigini, bir adama ýeňilräk ýara düşendigini, iki jaýa we bir ofise zyýan ýetendigini gürrüň berdi.
Tekinarslan türk toplarynyň jogap okalary bilen gaýtawul berendiklerini hem sözüne goşdy.
Bu hüjüm türk güýçleriniň 21-nji ýanwarda ABŞ tarapyndan goldanylýan kürt söweşijilerini Afrin sebitinden çykarmak üçin başlan täze operasiýasyna gabat geldi. ABŞ bu operasiýadan öň şeýle çäräniň bu töwerekdäki ýagdaýy öňküden hem durnuksyzlaşdyrjakdygyny duýdurdy.
Kürt milisiýasynyň resmileri türk zarbalary esasynda azyndan 10 adamy öldürilendigini, olaryň aglabasynyň asuda adamlar bolandygyny aýtdylar.
"Ýedi sany asuda adam öldürildi, içinde çaga-da bar, iki sany zenan söweşiji, bir erkek söweşiji öldürildi” diýip, YPG kürt milisiýasynyň wekili Birusk Hasakeh AFP habar agentligine aýtdy.
Şeýle-de, türk zarbalary netijesinde 25 sany asuda adamyň ýaraly bolandygy aýdylýar.
Türk resmileri ol ýerde pidalaryň bolandygyny tassykladylar, ýöne olaryň ählisiniň kürt milisiýasynyň agzaly bolandygyny aýtdylar.