Türk goşunlary Siriýanyň kürtleriň elindäki sebitine girdi
Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildirim öz ýurdunyň goşunlarynyň Siriýa bilen aradaky serhetden geçendigini we Ankaranyň indi ikinji gün kürtleriň elindäki sebitde harby operasiýa geçirýändigini aýdýar.
Ýildirim 21-nji ýanwarda goşunlaryň Afrin regionynyň içine girendigini aýtdy. Bu sebit Siriýanyň kürt YPG milisiýasynyň kontrollygynda ýerleşýär diýip, türk metbugaty habar berdi.
Olar türk goşunlarynyň Azat Siriýa goşuny bilen gapdallaşyp ilerleýändiklerini aýtdylar.
Ýildirim bu operasiýanyň Siriýanyň 30 km çemesi içinde howpsuzlyk zonasyny döretmegi maksat edinýändigini aýtdy diýip, metbugatda habar berildi.
Türk güýçleri 20-nji ýanwarda ABŞ tarapyndan goldanylýan YPG milisiýasyny Afrinden çykarmak ugrundaky operasiýa başlady. ABŞ bu çäräniň sebitdäki ýagdaýlary has-dadurnuksyzlaşdyrmak ähtimallygyny duýdurdy.
Türkler YPG-ny bikanun diýlip yglan edilen Kürdistan Işçiler partiýasy (PKK) bilen ilteşikli hasaplaýar.