Kiçi etrapçanyň ara ýollary sökülip täzelenýär we ýene sökülýär
Aşgabat şäherniň kiçi etrapçalarynda goşmaça gurluşyklaryň ýumrurlyp, etrapçalaryň ara ýollarynyň täzeden abatlanandygyna ýaňy iki ýyla golaý wagt boldy.
Emma kiçi etrapçalaryň ara ýollarynyň täzeden gazylýan ýerleriniň kändigini hem görse bolýar. Aşgabadyň Oguzhan köçesiniň ugrunda Howdan massiwine degişli böleginde, abatlananyna bary-ýogy bir ýyla golaý wagt geçen böleginiň täzeden gazylýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.
Howul-hara, harsal edilen işleri soňra bir ýyl hem geçmänkä gaýtadan gazyp, gaýtadan abatlap başlaýarlar. Ol ýerde bir görseň asfalt çöküp durandyr, bir görseň lagym ýa suw turbalary ýarylýandyr.
Etrapçalaryň ara ýollarynda gazuw işleriniň häli-şindi gaýtalanyp durmagy ýaşaýjylara juda ýaramaz täsirni ýetirýär. Gazuw işlerini geçirýän tehnikalaryň sesi ýaşaýjylaryň rahatlygny bozsa, gazylýan çukurlaryň wagtynda gömülmeýän halatlary bar, bu bolsa gatnawa ýaramaz täsirini ýetirýär. Şeýle uçastoklarda ýagyn ýagan günleri palçykdan ýaňa ýöräp bolmaýar. Uly ýola çykmak üçin, bir menzilden aýlanyp, uly ýola çykmaly bolýarsyň.
Ara ýollaryň ýaramazlygyndan iň bir kösenýänleriň Parahat-7-niň ýaşaýjylarydygyny aýdýarlar. Kiçi etrapçanyň ara ýollaryndan ne pyýada, ne-de maşynly geçip bolýar. “Jaýlara çekilen agyz suwy we lagym turbalarynyň hatardan çykyp, olaryň häli-şindi täzelenmegi üçin gazylýan çukurlar kadaly bejerilmeýär. Ozaldan düşelen asfaltlar hem owranyp, ýol ortasynda her ädimde diýen ýaly oýuklar emele gelýär. Emma ara ýollaryň zaýa bolan ýerleri hiç wagt bejerilmeýär.
Türkmen telewideniýesinde häli-şindi mahabatlandyrylýan Bagtyýarlyk düwrüniň hözirinden ýönekeý ýaşaýjylar mahrum, kommunal hyzmatlaryň göwnejaý ýola goýulmazlygy bizi her ädimde köseýär” diýip, Parahat-7 kiçi etrapçasynyň ýaşaýjylary nygtaýarlar.