Prezident Berdimuhamedow harby-howa güýçleriniň tehniki üpjünçiligini gözden geçirdi
Türkmenistanyň prezidenti ýurduň harby-howa güýçleriniň tehniki üpjünçiligini gözden geçirdi.
TDH döwlet habar agentliginiň 11-nji fewralda habar bermegine görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow howadan goranyş boýunça wagtlaýyn poligona baryp, goşunyň tehniki üpjünçiligi we täze harby ulaglar bilen tanyşypdyr.
“Milli goşun üçin kadrlary taýýarlamakda diňe bir harby taýýarlyga däl-de, ilkinji nobatda patriotik-terbiýe işlerine we ýaş hünärmentleriň umumy bilim derejesine üns berilmeli” diýlip, resmi maglumatda Türkmenistanyň prezidenti sitirlenýär.
Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň ýaragly güýçleriniň maddy-tehniki üpjünçiligini öwrenmek maksatly goşuna edýän saparlary yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Gurbanguly Berdimuhamedow käte öz harby ussatlygyny görkezýär.