Moskwanyň eteginde heläkçilige uçran uçaryň ýazgyly gapyrjaklary barlanýar
Orsýetiň häkimiýetleri Moskwanyň eteginde heläkçilige uçran uçaryň içinden iki sany ses ýazgyly guralyň barlagyna başladylar.
Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Arkadiý Dworkowiçiň 12-nji fewralda hökümet maslahatynda aýtmagyna görä, adatdan daşary ýagdaýlar boýunça toparlar ses ýazdyrýan gurallary tapyp, olaryň uçaryň heläk bolmagynyň sebäpleriniň anyklanmagyna ýardam berjegine garaşýarlar.
Derňewçiler ses ýazgyary öwrenip başlandygyny aýdýarlar.
Şol bir wagtda-da “Saratow howa ýollary” kompaniýasy resmi derňewler tamamlanýança heläk bolan An-148 kysymly uçar ýaly beýleki ulaglaryny ulanmakdan saklanjakdygyny mälim etdi. Bu uçar 2000-nji ýyllaryň başynda Orsýet we Ukraina tarapyndan bilelikde öndürilipdi. Emma onuň önümçiligi 2014-nji ýylda Orsýetiň Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp öz düzümine goşmagynyň yzýany bes edilipdi.
AP agentligi An-148 kysymly uçaryň modeliniň ozalky tejribeleriniň onçakly şowly bolmandygyny, mundan öň bir uçaryň heläkçilige uçrandygyny we ýene birnäçesinde uçar sürüjileriň olary ýere gondurmakda kynçylyk çekendigini habar berýär.
11-nji fewralda heläkçilige uçran uçaryň ýolagçylaryndan we ekipaž agzalaryndan 71 adam wepat boldy.