Özbegistanyň salgyt we gümrük boýunça baş agentliklerinde barlag geçirildi
13-nji fewralda Daşkentde geçirilen giň göwrümli çärelerde Özbegistanyň salgyt we gümrük boýunça baş agentlikleriniň jaýlary döküldi, dokumentler barlandy we işgärler soraga çekildi. Bu barada resmiler gizlinlik şertinde AÝ/AR-na we beýleki habar çeşmelerine aýtylar.
Içeri işler ministrliginiň resmisiniň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, barlaglaryň dowamynda Salgyt komitetiniň ähli girelgeleri çäklendirilipdir, binalaryň daşyndaky ýollar harby ulaglar bilen petiklenipdir.
Bu barlaglar Salgyt komitetiniň başlygy Botir Parpiýewiň gudasy we ýurduň täsirli resmileriniň biri bolan Milli howpsuzlyk boýunça başlygy Rustam Inoýatowyň wezipesinden çetleşdirilmeginiň iki hepde yzýanyna gabat geldi.
Inoýatow Milli howpsuzlyk gullugyna tas 23 ýyllap ýolbaşçylyk edipdi.
Resmileriň aýtmagyna görä, kanun goraýjy häkimiýetler Salgyt komitetiniň we Gümrük gullugynyň 8.5 million amerikan dollary möçberli puly bisarpa sowmagyny güman edip, geçen hepdede derňewe başlapdyr.
Özbek mediasy ady agzalmadyk kanun goraýjy resmilerine salgylanyp, derňewleriň aprel aýynyň ortalaryna çenli dowam etdiriljekdigini we netijeler barada göni prezident Şawkat Mirziýoýewe hasabat beriljekdigini habar berdi.