Kiýewde geçirilen polisiýa reýdinde 50 adam tussag edildi
Kiýew polisiýasynyň milli parlamentiň binasynyň golaýyndaky protestçiler lagerine reýd geçirmegi netijesinde protestçiler bilen arada çaknyşyk turdy.
Milli Gwardiýanyň metbugat gullugy buukrain paýtagtynda, Werhownaýa Radanyň golaýynda 3-nji mart güni irden görlen çärede 50 adamyň tussag edilendigini aýtdy.
Sözçi biraz soň ukrain metbugatyna çaknyşyk mahalynda alty protestçiniň we dört sany polisiýa ofiseriniň ýaralanandygyny habar berdi.
Milli Gwardiýanyň sözçüsiAndriy Kryşenko polisiýanyň gören çäresiniň fewral aýynda parlamentiň daşynda bolan hökümete garşy zorlyk boýunça geçirilýän derňewiň dowamydygyny aýtdy.
Häkimiýetler 27-nji fewralda hökümete garşy protestçiler bilen bolan çaknyşykda 14 sany polisiýa ofiseriniň ýaraly bolandygyny aýtdylar.