Ozalky gyrgyz ilçisiniň ogly ýarag gaçakçylygynda güman edilýär
ABŞ sudy Gyrgyzystanyň Waşingtondaky ozalky ilçisiniň ogluny ýarag gaçakçylygy aýyplamalary esasynda öý tussaglygyna höküm etdi diýip, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi aýdýar.
2-nji martda çap edilen beýanatda ministrlik 28 ýaşyndaky gyrgyz raýaty Tengiz Sydykowyň bir gün ozal bolan sud diňlenişiginden soň öý tussaglygyna höküm edilendigi aýdylýar.
Tanymal žurnalist we 2005-2010-njy ýyllar aralygynda Gyrgyzystanyň Waşingtondaky ilçisi bolan Zamira Sydykowa 1-nji martda Sadykowyň öz oglydyny we Waşington töwereklerinde ýaşaýandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň federal prokurorlary Sadykowyň we beýleki güman edilýän Eldar Rezwanowyň 27-nji fewralda tussag edilendigini aýtdy. Olar, hamala, 100-den gowrak böleklere bölünen ýaragy resmi ygtyýarnamalary bolmazdan Orsýetiň Çeçenistan sebitine ibermäge synanypdyr.