Betbagtçylykly ýangyndan soň wezipeden çekilen Tulyýewe täze iş berildi
Orsýetiň Kemerowo regionyndaky söwda merkezinde bolan we 64 adymyň, şol sanda onlarça çaganyň başyna ýeten ýangynyň yz ýany, “bular ýaly agyr ýük bilen gubernator bolup işlemegiň mümkin däldigini” aýdyp, öz eýeleýän wezipesinden çekilen weteran syýasatçy Aman Tulyýewe bu sebitiň kanun çykaryjy organynda iş berildi.
3-nji aprelde geçirilen ýygnakda regional saýlaw komissiýasy Tulyýewe wezipe bermek barada karar kabul etdi diýip, “Kommersant” gazeti bu komissiýanyň sekretary Mihail Pimenowa salgylanyp ýazýar.
Bu karar barada başga bir rus mediasy hem habar berdi. Käbir habar serişdeleri ady köpçülige mälim edilmeýän regional hökümete ýakyn çeşmelere salgylanyp, öňümizdäki hepde Tulyýewiň kanun çykaryjy organa spiker saýlanjakdygyny mälim etdiler.
Bu habar barada häzirlikçe resmi komentariý berilmeýär.
73 ýaşly Tuleýew kömür öndürýän bu regiona 1997-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk eden adam. Onuň iş başyndan çekilmegi regionyň merkezi Kemerowonyň Zimnaýa Wişnýa söwda merkezinde, 25-nji martda agşamara ýüze çykan betbagtçylykly ýangyndan birnäçe gün soňra yglan edildi.
Belläp geçsek, Tulyýew 1944-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň öňki Krasnowodsk häzirki Türkmenbaşy şäherinde doglandyr.