ÝHHG-niň çagyran media tehnologiýalar boýunça bilermeni Türkmenistana goýberilmedi
Sikorskaýa internetiň terrorçylykly maksatlar üçin ulanylmagyna garşy göreş meselesi boýunça milli seminarda ekspert hökmünde gatnaşmak üçin ÝHHG-niň Aşgabatdaky regional merkezi tarapyndan çagyrylypdy diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” neşri habar berdi.
Maglumata görä, birnäçe ýyllap Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynda (IWPR) Türkmenistan we Özbegistan boýunça baş redaktor bolup işlän Inga Sikorskaýa 5-6-njy aprelde Aşgabatda geçirilen “Ekstremist we gadagan edilen toparlaryň işi: köpçülikleýin habar serişdeleri we reportýorlar üçin howplar” boýunça maslahatynda çykyş etmelidi.
Merkezi Aziýada parahatçylyk döredijiligi we media tehnologiýalar boýunça mekdebi Inga Sikorskaýanyň Türkmenistana goýberilmezligi ýurtda garaşsyz spikerlere basyş etmek tejribesiniň dowam edýändigini we olaryň öz işini päsgelçiliksiz berjaý etmek hukugyny äsgermeýändigini görkezýär diýip hasap edýär, diýlip “Türkmenistanyň hronikasy” neşriniň maglumatynda bellenýär.