Owganystanda janyndan geçen bombaçy 6 adamy öldürdi
Owganystanyň Helmand welaýatynda bir miniawtobusly bombaçy 28-nji aprelde goşun bazasyna hüjüm edip,iki esgeri we dört sany asuda adamy öldüridi.
Şeýle-de resmiler janyndan geçen bombaçynyň guran partlamasynda iki esgeriň we ýene üç sany asuda adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar.
Bu waka Nad Ali etrabynda boldy diýip, Helmand gubernatorynyň sözçüsi Omar Zwak aýtdy. Ýerli goşun komandiriniň sözçüsi, maýor Abdul Kadeer Bahadorzai hem bu hüjümi tassyk etdi.
“Talyban” jeňçileri 25-nji aprelde özleriniň ýyllyk ýaz hüjümleriniň başlanandygyny yglan etdiler.
Goňşy Pakistanda ýaragly adamlar owgan serhediniň boýundaky tire sebitinde dört adamy atyp öldürdiler diýip, ýerli resmi aýtdy.