Erdogan Siriýada täze operasiýany geçirjekdigini aýdýar
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Siriýa bilen serhetdeş sebitlerinde üçünji harby operasiýanyň başladyljakdygyny mälim etdi. Bellesek, Türkiýe mundan ozal Siriýa bilen baglylykda iki harby operasiýany geçiripdi.
“Türkiýe Ýefrat galkany we Zeýtun şahasy operasiýalaryna goşmaça ýene bir operasiýa geçirer” diýip, Erdogan Stambulda ýygnanan müňlerçe tarapdarlarynyň öňünde çykyş etdi.
Şeýle-de, Erdogan: “Operasiýalar ýekeje-de bir terrorist galmaýança dowam etdiriler” diýip, belledi.
Türkiýe häzir Siriýanyň demirgazygyndaky Afrin sebitinde, özüniň terrorist diýip atlandyrýan, kürt ýaraglylaryna garşy “Zeýtun şahasy” atly operasiýany geçirýär.
Türkiýäniň ilkinji “Ýefrat galkany” atly operasiýasynyň dowamynda Siriýanyň Afrin sebitindäki “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň jeňçileri we kürt söweşijileri nyşana alnypdy. Bu operasiýa 2017-nji ýylyň başynda tamamlandy.