Orsýetiň 'Gijeki möjekler' atly motor klubunyň agzalary Aşgabadyň üstünden geçer
Orsýetiň “Gijeki möjekler” atly meşhur motor klubunyň agzalarynyň “Tähran-75!” atly motorly ýörişiň çägindäki syýahatçylygynyň ýoly Aşgabadyň üstünden geçer.
Media maglumatlaryna görä, motorly syýahatçylar 25-nji maýda türkmen-özbek serhedini kesip geçerler we Türkmenistanyň üstünden goňşy Eýrana geçip giderler.
Bu ýöriş antigitler koalisiýasynyň ýagny SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň liderleriniň konferensiýasynyň 75 ýyllygyna bagyşlanýar diýlip media maglumatlarynda habar berilýär.
Motorly ýöriş 5-nji maý we 9-njy iýun aralygynda bolup, Moskwada başlanar we Baýkonuryň, Bişkegiň, Daşkentiň, Aşgabadyň, Tähranyň, Bakuwyň we Groznyý hem Rostow-na-Donu şäherleriniň üstünden geçip Orsýetiň paýtagtynda tamamlanar.
Guramaçylaryň sözlerine görä, motorly ýörişiň maksady Ikinji Jahan Urşunyň taryhyna we urşuň soňuna çykmakda ähli SSSR halklarynyň bilelikde göreşendigine ünsi çekmekden ybarat bolup durýar.