Eýran: Ýowuz protestde azyndan bir adam öldi we başga-da alty sanysy ýaralandy
Eýranyň günorta-günbataryndaky Fars welaýatynda ýerleşýän Kazerun şäherinde bolan ýowuz protestde azyndan bir adam öldi we başga-da alty sanysy ýaralandy diýip, 17-nji maýda Eýranyň mediasy habar berýär.
Fars welaýatynyň häkimi Esmail Tabadar 17-nji maýda ýarym resmi “ISNA” habar agentligine beren interwýusynda protestde azyndan bir adamyň ölendigini tassyklady. Şeýle-de, ol şäheriň “käbir böleklerinde henizem protestleriň dowam edýändigini” aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, ol “ýagdaýa kontrollyk edilýändigini” belläp, “adamlar protestler barada sosial ulgamlarda aýdylýan zatlara ynanmaly däldir” diýdi.
Eýranyň ýarym resmi “Fars” habar agentligi protestçiler tarapyndan polisiýa merkeziniň otlanandygyny habar berdi. Bu agentligiň maglumatyna görä, 16-njy maýda giçlik Tähranyň ortaça 900 kilometr günortasyndaky Kazerun şäherinde “kiçi sanly” protestçiler ýygnanypdyr.