Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Aşgabatda plastik kartdan çekip bolýan puluň möçberi ýene çäklendirildi

Aşgabatda plastik kart eýeleriniň bankomatlardan çekip bilýän nagt pulunyň gündeki möçberi ýene-de çäklendirildi.


Azatlyk Radiosynyň türkmen paýtagtyndaky çeşmeleriniň aýtmagyna görä, edil şu günki gün şäheriň dürli ýerlerinde ýerleşýän bankomatlardan günde çekip bolýan nagt puluň möçberiniň mukdary 500 ýa-da 600 manada barabar.




“Şu günki gün bankomatlardan çekip bolýan puluň mukdaryny aňryçäk derejede çäklendirdiler. Her ýerde başgaça, emma 500 manada çenli çekip bolýar. Üstesine her gezek pul çekilende, bank hyzmaty üçin 5 manat çemesi komissiýa tutulýar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi.


Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatly synçy ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hem plastik kartlaryndaky puluň nagtlaşdyrylmagynyň rugsat edilýän möçberiniň ýaňy-ýakynda ýene-de çäklendirilendigini tassyklady.


Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Aşgabatda günde 600 manat möçberinde pul çekip bolýar we bu ýagdaý 10 gün çemesi wagt mundan ozal döräpdir: "Öň Aşgabat şäherinde 1000 manat rugsat edilýärdi, soň 800 manada ýetirildi, häzirem 600 manada, şundan 10 gün çemesi ozal". 




Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlaryndan manatda çekmäge rugsat berilýän puluň möçberiniň çäklendirilmegi resmi çäre. Emma kart ulanyjylary özlerine bank tarapyndan rugsat berilen puluň möçberi we onuň üýtgemegi barada diňe pul çekjek bolan wagtynda bilip galýarlar. Türkmen banklary ilata olaryň öz kartlaryndaky pulunyň elýeterliligi barada öňünden resmi bildiriş berilmeýär, çäklendirmeleriň sebäbini-de düşündirmeýär.


Şol bir wagtda-da, ýurtda plastik kartlarynyň ulanyjylarynyň sany gitdigiçe artýar, aýlyklar, pensiýalar, sosial tölegler we stipendiýalar birnäçe ýyl bäri plastik kartlaryna geçirilýär. Soňky ýylyň dowamynda döwletiň oba hojalyk işgärleri daýhanlar bilen hasaplaşygyny nagt bolmadyk görnüşe geçirmek boýunça resmi çäreler geçirildi. Şu günler pensionerleriň plastik kartlaryny has giň derejede ulanmagy üçin ýerli häkimiýetler goşmaça çäreleri amala aşyrýar. Hususan-da, plastik kartlaryna geçmedik pensionerleriň ençemesi maý aýynyň başyndan bäri öz pensiýalaryny alyp bilmändir.




Üstesine, soňky iki aý çemesi wagtyň dowamynda Aşgabatda kart ulanyjylaryň hasaplaryndaky puly tutup galýan bankomatlaryň onlarçasy peýda boldy.


Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, il içinde “ogry bankomatlar” diýlip atlandyrylýan pul saklap galýan bankomatlar "Türkmenistan" bankynyň 10 ýyl Abadançylyk we Baba Annanow köçelerindäki bölümlerinde, şeýle-de, "Senagat" bankynyň Oguzhan köçesinde bar.


Azatlyk Radiosynyň agzalan banklar bilen telefon arkaly habarlaşyp, düşündiriş almak boýunça synanyşygy häzirlikçe başa barmady.


Emma Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, “Türkmenistan” bankynyň merkezi bölüminde raýatlaryň arz şikaýatlaryny kabul edýärler. Bir aýa golaý wagtlap uzaga çekýän derňew geçirip, puluň bikanun tutulandygy tassyklansa, ony kart eýesine gaýdyp berýärler, emma bankyň operasiýa üçin üpjün eden hyzmatynyň tölegini, ýagny komissiýasyny saklap galýarlar.


“Çekilýän puluň 0.86% bankomatyň hyzmaty üçin diýlip alnyp galýar. Emma ony berenok bank, saňa hyzmat eden ýaly" diýip, Amanmyrat Bugaýew belledi. 




Şeýle-de, Aşgabatly synçynyň bellemegine görä, käbir halatlarda bankomatlardan nagtlaşdyrylýan puluň gündeki möçberini çekmekde goşmaça kynçylyklar döreýär, ýagny apparata 5, 10 we 20 manatlyk ownuk pullaryň goýlan halatynda bir operasiýanyň dowamynda 200 manatdan köp çekip bolmaýar.


Azatlygyň çeşmeleri Aşgabatda “ogry” bankomatlaryň peýda bolandygyny aprel aýynyň başynda habar beripdi.


Şondan bäri bir ýarym aýa golaý wagtyň geçmegi bilen şeýle bankomatlar köpelipdir. Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, bankyň işgärleri bankomatlaryň düzüw däldigini boýun alýarlar, emma özleriniň çäre görmezligini olary bejermek üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň ýokdugy bilen düşündirýärler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.


Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.com — международная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России