Erdogan Berdimuhamedowy TANAP-yň açylyşyna çagyrdy: Ol gatnaşmady, ‘gülençiler’ diýilýänleriň-de ykbaly nämälim
![Erdogan Berdimuhamedowy TANAP-yň açylyşyna çagyrdy: Ol gatnaşmady, ‘gülençiler’ diýilýänleriň-de ykbaly nämälim](https://gdb.rferl.org/044BCAFC-6277-457E-8736-690D171492C8_w800_h450.jpg)
12-nji iýunda Türkiýäniň Eskişehir şäherinde bäş ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda Trans-Anadoly (TANAP) gazgeçirijisiniň açylyşy boldy diýip, Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadoly” habar agentligi habar berdi. 2-nji iýunda Rejep Taýýip Erdogan bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda türk tarapynyň başlangyjy bilen geçirlen telefon söhbetdeşliginde Erdogan türkmen kärdeşini dabara çagyrypdy, ýöne Berdimuhamedow açylyşa gatnaşmady.