ABŞ-nyň Estoniýadaky ilçisi Trampyň ÝB belliklerini tankytlap, işden çekilýär
ABŞ-nyň Estoniýadaky ilçisi prezident Donald Trampyň Ýewropa Bileleşigi we NATO barada eden belliklerini berk tankytlap, dynç alşa çykýandygyny yglan etdi.
2015-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň Tallindäki wekili bolup işlän ilçi Jeýms Melwil (James Melville) bu beýanaty özüniň hususy feýspuk sahypasynda etdi we bu barada ony görendigini aýdan neşir, “Foreign Policy” ilki bolup, 29-njy iýunda habar berdi.
Estoniýanyň habar guramasyEesti Ekspress 30-njy iýunda gürrüňi edilýän feýsbuk beýanatynyň ekrandan alnan suratyny çap etdi.
Melwil dynç almaga çykmagy bireýýäm planlaşdyrandygyny, emma 29-njy iýunda, daşary ýurtda 30 ýyl eden gullugyndan soň gelen kararynyň bölekleýin Trampyň golaýda ÝB hakynda aýdan sözleri we NATO hakynda edendigi aýdylýan tankydy bilen hem baglydygyny aýtdy.