Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky delegasiýa Wenada iş saparynda boldy
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Fedotow, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktory Ýukiýa Amano, Ýadro ýaraglaryny synag etmegi düýbünden gadagan etmek hakyndaky Şertnamanyň Taýýarlaýyş toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger we BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Hiroşi Kuniýoşi bilen duşuşyklar geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, tehniki hyzmatdaşlyk, energetika, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna, jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreş ýaly ugurlar boýunça pikir alşyldy.
Şeýle-de taraplaryň hususy sektory we oba hojalygyny ösdürmek ýaly meselelere seredendigi habar berilýär.
Sapar mahalynda Awstriýanyň Ýewropa meseleleri, integrasiýa we daşary işler Federal ministrliginiň Baş sekretary Ýohannes Peterlik bilen duşuşyk boldy.