Siriaýda Abu Bakr al-Bagdadiniň ogly öldürildi
Hudhaýfah al-Badri Homsdaky ýyladyş elektrik stansiýasyna “Nussaýriýýaha we ruslara garşy operasiýa mahalynda” öldürildi diýip, söweş ýaragyny göterip duran ýaş adamyň suraty bilen çap eden beýanatynda aýdylýar.
Nussaýriýýah YD-nyň prezident Başar al-Assadyň alawiler dini azlygy babatda ulanýan terminidir.
YD söweşijileri, Siriýanyň we Orsýetiň, şeýle-de ABŞ goldawyndaky pitneçileriň geçen ýyl gören berk çärelerinden soň, Siriýada az möçberde saklanyp galýar. Ol häzir Siriýanyň territoriýasynyň üç prosentinden hem az ýere kontrollyk edýändir öýdülýär.
ABŞ we Yrak resmileri toparyň lideri Bagdadiniň Siriýada, Yrak serhediniň golaýynda diri galandygyna ynanylýandygyny aýdýarlar.