Hüjümde Azerbaýjanyň ikinji uly şhäriniň başlygy ýaralandy, janpena öldürildi
Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, hüjüm wagtynda janpenalaryň biri öldürildi, güman edilýän hüjümçi tutuldy. Emma şundan başga jikme-jiklikler aýdylmady.
Ganja ýurduň merkezinde ýerleşýär. Waliýew häkim ýa-da gubernator ýaly, bu şäheriň prezident tarapyndan wezipä bellenilen ýerine ýetiriji başlygy bolup durýar.