Orsýetiň futbol komandasynyň çempion bolmak arzuwy puç boldy, emma ýurt 'gahrymanlaryny' öwýär
Dünýä futbol çempionatyna beýemçilik edýän Orsýetiň çempion bolmak umytlary Horwatiýadan utulmak we ullakan gözýaş bilen tamam boldy, emma ýurduň liderleri, raýatlary we hatda tanymal oppozisiýa aktiwistleri özleriniň ajaýyp futbol komandalaryna minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Prezident Wladimir Putin 8-nji iýul güni irden, Soçide 7-nji iýul güni giçlik bolan oýunda goşmaça berlen wagtda hem 2-2 gutaran hasapdan soň jerime urgulary netijesinde horwatiýalylaryň haýryna 4-3 gutaran ýaryşa garamazdan, özüniň “buýsanandygyny” aýtdy.
“Interfax” habar gullugy Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskowyň sözlerini sitirläp, bu oýna uzakdan tomaşa eden Putiniň, utulandyklaryna garamazdan, rus oýunçylaryny “gahrymanlar” hasaplandygyny habar berdi.
“[Prezident] oýna syn etdi, sebäbi ol komandanyň janköýeri. Biz adalatly we beýik oýunda utuldyk. Olar biz üçin henizem ajaýyp oglanlar, olar gahrymanlar, olar meýdanda jan berýärdiler, biz olara guwanýarys” diýip,“Interfax” Peskowyň sözlerini getirdi.
Orsýetiň futbol komandasynyň özi bolsa, ýaryşy “gözleri ýaşly, emma başlary dik terk edýändiklerini” aýtdylar.