Owganystan: Janyndan geçen bombaçy 20 adamy öldürdi, goşun onlarça adamy türmeden boşatdy
Janyndan geçen bombaçy demirgazyk Owganystanda 20 adamy, şol sanda talyban komendirini öldürdi diýip, resmiler 17-nji iýulda aýtdy.
Sarypul welaýatynyň polisiýa başlygy Abdul Kauom Bakizoý bu hüjümiň şol sebitde oba ýaşulularynyň talbyban resmileri bilen duşuşýan ýerinde bolandygyny aýtdy.
Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady, emma Bakizoý onuň arkasynda “Yslam döwlet” toparynyň durandygyny aýtdy.
Welaýat geňeşiniň başlygy Mohammed Noor Rahman bu partlamanyň adam jaýlanýan wagtynda, metjitde bolandygyny aýtdy.
Şu aralykda owgan resmileri onlarça adamyň, şol sanda howpsuzlyk işgärleriniň we parahat adamlaryň Helmand welaýatyndaky talyban türmesinden azatlyga çykarylandygyny aýtdylar.