ABŞ-nyň goranyş başlygy Kongresi rus sanksiýalary babatda käbir ýurtlara eglişige çagyrýar
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis kongresi käbir ýurtlaryň ABŞ-nyň Orsýetiň harbylaryna garşy girizen sanksiýalary esasynda jerime salynmakdan boşatmaga çagyrýar.
Mattis 20-nji iýulda çap eden beýanatynda Orsýet özüniň “agressiw, durnuksyzlaşdyryjy hereketleri” üçin temmisini almaly, emmaABŞ ýaranlaryna we Waşingtonyň gatnaşyk gurýan beýleki ýurtlaryna jeza berilmeli däl diýdi.
Mattisiň göçümi Hindistana we Waşingtonyň ýakyn aragatnaşyk gurmaga çalyşýan, emma geçmişde rus ýaraglaryny satyn alan beýleki Aziýa ýurtlaryna sanksiýa girizilmek aladalarynyň arasynda edilýär.