Eýranyň daşary işler ministri ABŞ resmileri bilen duşuşygyň planlaşdyrylmandygyny aýdýar
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Javad Zarif ABŞ resmileri, şol sanda döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen hiç bir duşuşygyň planlaşdyrylmandygyny aýdýar.
Zarif BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçýän günlerinde şeýle duşuşygyň ähtimallygy barada berlen soraga jogap berip, ýarym resmi “Tasnim” habar gullugyna “beýle duşuşygyň planlaşdyrylmandygyny” aýtdy.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ-nyň şert goýmazdan gepleşmek baradaky çagyryşyny 6-njy awgustda, Waşington prezident Donald Trampyň 2015-nji ýylda Eýran bilen dünýä döwletleriniň arasynda baglaşylan ýadro şertnamasyndan çykmagy karar etmegi netijesinde, sanksiýalary dikeltmek çäresine girizmezinden birnäçe saga öň ret etdi.
"Trampyň golaýdaky teklibi bilen baglylykda biziň resmi pozisiýamyz prezident (Rohani)tarapyndan-da, meniň özüm tarapyndan-da yglan edildi. Amerikanlarda dogruçyllyk ýok” diýip, “Tasnim” habar gullugy 11-nji awgustda Zarifi sitirläp aýtdy.