Rus türme edarasy Sentsowyň saglygy 'howp astynda däl' diýýär
Orsýetiň Federal türme gullugy rus türmesinde açlyk yglan eden ukrain kinoreäissýory Oleh Sentsowyň üç aýa golaý wagtda 30 kilogram agramyny ýitirendigini ret etdi.
TASS habar gullugynyň 11-nji awgustda sitirlän beýanatynda aýdylmagyna görä, türme edarasy “Şu günki günde onuň horlanandygy we saglygynyň ýaramazlaşandygy görünmeýär” diýdi.
Bu beýanat fransuz prezidentiEmmanuel Makron rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gürleşende Sentsowyň meselesini gozganyndan soň peýda boldy.
Putin “Sentsowyň saglygy baradaky jikme-jiklikleri derhal aýan etmegi wada berdi” diýip, Fransiýanyň prezident edarasy aýtdy.
ÝB 10-njy awgustda rus häkimiýetlerini Sentsowy saglyk desgasyna geçirmäge we oňa düzüwli medisina gözegçiligini etmäge çagyrdy.
Sentsowyň aklawçysy Dmitry Dinze 7-nji awgustda öz müşderisiniň ýanyna baryp gaýdanyndan soň,AFP habar agentligine Sentsowyň “ölmäge taýýardygyny”, onuň 30 kg agramyny ýitirendigini aýtdy.