Rohinga bosgunlary adalatyň dikeldilmegini talap edýärler
Müňlerçe rohinga bosguny Birmanyň harbylarynyň bu ýurtda ýaşaýan musulman azlygynyň köpçülikleýin Bangladeşdäki lagerlere gaçmagyna getiren basyp ýatyrmalarynyň ýyl dönümine gabat protest aksiýasyny gurnady.
Kutupalong bosgun lagerindäki adamlar "Biz rohinga, biz adalat isleýäris” diýip gygyrdylar. Bu lager Birmadan gaçyp çykan 800 müňden gowrak rohinganyň täze gonalgasy bolan giň ýaýrawly lagerler toplumynyň bir bölegi bolup durýar.
Geçen tomusda rohinga jeňçileriniň gurnan hüjümlerinden soň, obalaryny otlamak bilen, Birmanyň harbylary ýüzlerçe müň asuda adama ýowuz daramakda aýyplandy.
Serhetsiz doktorlar (MSF) guramasy geçen ýylyň awgustynda turan dawa-jenjelden soňky bir aýyň dowamynda azyndan 6 müň 700 rohinga musulmanynyň öldürilendigini aýtdy.
Birma asuda adamlary nyşana alandygyny ret etdi we öz hereketleriniň diňe rohinga ekstremistlerine garşy gönükdirilendigini öňe sürdi.
Birleşen Ştatlar Birma ýa-da Maýanmar hökümetiniň demirgazyk Rahine ştatyndaky musulman rohinga azlygyna garşy eden hereketleriniň “etniki arassalaýyş” bolup görünýändigini aýtdy.