ABŞ ýurda kabul edilip bilinýän bosgunlaryň sanyny azaltdy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy öňümizdäki ýyl ýurda girmäge rugsat berlen bosgunlaryň sanyny 30 müňe çenli azaltmagy teklip etdi.
Bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo çykyş etdi. Şol bir wagtda, gumanitar toparlar 2018-nji ýyl üçin kesgitlenen 45 müň bosgun çäginiň onsuz hem juda ujypsyzdygyny aýdyp gelýärdiler.
Trampyň administrasiýasy bosgunlaryň we beýleki migrantlaryň ýurda girmegine garşy çykyş edip gelýär.
“Administrasiýanyň bosgunlar baradaky kämilleşdirilen syýasaty ABŞ-nyň milli bähbitlerini göz öňünde tutýar. Şeýle-de bu biziň dünýädäki mätäçlere hemaýat bermek mümkinçiliklerimizi artdyrýar” diýip, Pompeo beýanatda belledi.
Deňeşdirme üçin aýdylsa, prezident Barak Obamanyň häkimiýet başyndaky soňky ýylynda ABŞ-a 85 müň bosguna girmäge rugsat berlipdi.