Ukraina Orsýete Dostluk şertnamasyny togtadýandygyny habar berjegini aýdýar
Ukraina Orsýete özüniň 21-nji sentýabrda Moskwa bilen aradaky Dostluk, hyzmatdaşlyk we partnýorlyk şertnamasynyňmöhletini uzaltmajakdygy barada resmi habar berjegini aýtdy.
Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin 19-njy sentýabrda Kiýewiň degişli guramalaryň ählisini, şol sanda BMG-ni bu çäre bilen habarly etjekdigini aýtdy.
10 ýyllyk şertnama başdaT1997-nji ýylyň 31-nji maýynda, eger taraplar bes etmek çäresini görmese, onuň möhletiniň awtomatiki ýagdaýdauzaldylmak şerti bilen gol çekildi.
Bu şertnama 1999-njy ýylyň 1-nji aprelinde güýje girdi.
Taraplaryň hiç biri 2008-nji ýylyň oktýabryndan öň bir-birine ony soňlamak isleýändigini aýtmady we şu sebäpden ol ýene bir 10 ýyl möhlete uzaldyldy.
Bu şertnama strategiki partnýorlyk, dowam edýän serhetleriň eldegrilmesizligi, territorial bitewiligi sylamak ýörelgelerini, bir döwletiň territoriýasyny beýleki döwlete zyýan bermek üçin ulanmazlyk borçnamalaryny öňe sürýär.