Ysraýylyň harby-howa güýçleriniň başlygy Moskwa sapar edýär
Orsýetiň harby gözegçilik uçarynyň Siriýa kenarlarynda urlup ýykylmagy bilen baglylykda, Ysraýylyň harby-howa güýçleriniň ýolbaşçysy 20-nji sentýabrda Moskwa sapar edýär. Urlan rus uçarynda 15 harby öldürildi.
Orsýet IL-20 uçaryny öz ýarany Siriýanyň howa hüjümlerine garşy güýçleriniň bilmezlikde urup ýykanlaryny boýun aldy, ýöne edil şol wagtda Siriýa güýçlerine garşy söweş uçarlarynyň reýdini geçirendigini aýdyp, Ysraýyly hem günäledi.
Ysraýyl Siriýanyň howa hüjümlerine garşy güýçleriniň “saýgarmazdan ot açandygyny” we 17-nji sentýabrda bolan hadysa mahalynda asmanda rus uçarlarynyň bar-ýoklugyny anyklap bilmändigini aýtdy.
Orsýet Eýran bilen bilelikde ýurduň ýedi ýyllyk raýat urşy döwründe Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada elden gelen goldawyny berdi. Orsýetiň howa güýçleriniň beren goldawy Assadyň pitneçileri togtatmagynda we häkimiýet saklanmagynda aýgytly rol oýnady.
Ysraýyl goşuny general-maýorAmikam Norkiniň we beýleki ýokary derejeli resmileriň bu bolan wakanyň ähli taraplary hakynda maglumat bermek üçin Moskwa sapar etjegini aýtdy.