Telegraph: Skriplallaryň işi boýunça üçünji şübheli rus harby aňtaw ofiseriniň şahsyýeti anyklandy
Öňki rus içalysy Sergeý Skripaly we onuň gyzyny zäherlemezden öň, gözleg-aňtaw missiýasyny amala aşyran üçünji şübheli rus harby aňtaw ofiseriniň şahsyýeti ýurduň terrorizme garşy göreşýän polisiýasy we howpsuzlyk gulluklary tarapyndan anyklandy diýip, 27-nji sentýabrda “Telegraph” gazeti habar berdi.
Şübheli rus agentiniň iki kärdeşi sowet döwründe öndürilen “Nowiçok” atly zäheri Britaniýa getirmezden öň, onuň hüjümi planlaşdyrmaga ýardam bermek üçin Selisberä gelendigine ynanylýar diýlip, “Telegraph” gazetiniň habarynda bellenilýär.
Şu ýylyň mart aýynda amala aşyrylan hüjüm 67 ýaşyndaky Skripalyň we 34 ýaşyndaky Ýuliýanyň ençeme hepde keselhanada agyr ýagdaýda ýatmagyna sebäp bolupdy, ýöne häzir olaryň saglyk ýagdaýy kadaly.
Wakadan soň hüjümçileriň taşlap giden atyr gabyny tapan başga bir jübüdiň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, olardan Çarliý Rowliýniň saglyk ýagdaýy hassahanada bejergi alandan soň gowulaşdy, ýöne onuň ýoldaşy 44 ýaşly Dawn Sturgess iýun aýynda aradan çykdy.
Russiýa Skripallaryň zäherlenip, öldürilmek synanyşygyna özüniň hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny tekrarlap gelýär.