Gyrgyzystanyň Ýokary sudy ozalky prezidentleriň jogapkärçilige çekilmezlik durumyny bikanun hasaplaýar
Gyrgyzystanyň Ýokary sudy ýurduň ozalky prezidentleriniň peýdalanýan eldegrilmesizliginiň konustitusiýa laýyk gelmeýändigi barada karar çykardy.
Suduň konstitusiýa palatasy 3-nji oktýabrda karar çykaryp, hökümetiň ozalky prezidentleriň kanun jogapkärçiligine çekilmezligi baradaky azatlyklaryna düzediş girizilmegini buýurdy.
Gyrgyzystanyň öňki liderleriniň häzir diňe ikisi ozalky prezidentiň resmi durumyndan peýdalanýar, olar Roza Otunbaýewa (2010-2011) we Almazbek Atambaýew (2011-2017).
Beýleki iki öňki prezident - Askar Akaýewwe Kurmanbek Bakiýew, degişlilikde 2005-nji we 2010-njy ýyllarda bolan anti-hökümet protestlerinden soň ýurtdan gaçyp, bu durumdan mahrum edildi.
Olaryň ikisi-de gaýybana, dürli aýyplamalar, şol sanda korrupsiýa, wezipeden peýdalanmak aýyplamalary esasynda, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
Geçen ýylyň noýabrynda prezidentlikden giden Atambaýew häzirki prezident Sooronbaý Žeenbekow bilen oňuşmaýar.