BMG-de Russiýa, günbatar güýçleri Ukrainanyň gündogaryndaky saýlawlar boýunça garpyşdylar
Russiýa Ukrainanyň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň geçirýän saýlawlarynyň kanunylygy boýunça BMG-de ABŞ we Ýewropa güýçleri bilen garpyşdy.
11-nji noýabrda Donetsk we Luhansk regionlarynda saýlawlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Günbatar munuň Ukrainanyň gündogaryndaky konflikti bes etmek boýunça 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşygyň şertlerini bozýandygyny aýdýarlar.
BMG-niň syýasy başlygy wezipesinde çykyş eden Rosemary DiKarlo hem bu garaýyşy goldaýandygyny belledi.
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary separatistleri saýlawlary geçirmek planlaryndan el çekmäge, şeýle-de Russiýany “öz täsirini ulanyp, ‘saýlaw’ atlandyrylýan çäreleriň öňüni almaga” çagyrdy.