Serbler pensiýa haklarynyň peseldilmegine garşy protest geçirdiler
Serbiýanyň paýtagtynda ýüzlerçe pensioner hökümetiň pensiýa haklaryny kesmek planlaryna we pes ýaşaýyş durmuş şertlerine garşy protest geçirdi.
Demonstrantlar Belgradyň Nikola Pasiç meýdançasynda jemlenip, soňy bilen-de Konstitusiýa Kazyýetine tarap ýöriş geçirdiler.
Şeýle protestleriň ençemesi ýurduň beýleki şäherlerinde hem geçirildi.
2015-nji ýylyň fewralynda ýurduň şol wagtky premýer-ministri Aleksandr Wuçiçiň hökümeti Halkara Walýuta Fondy bilen üç ýyllyk karz ylalaşygyny baglaşypdy. 1.2 milliard ýewro karzy alyp bilmek üçin, Belgrad 2014-nji ýylyň aýagynda jemgyýetçilik pudagyň aýlyklaryny we pensiýa haklaryny peseldipdi.
Pensionerler ýaşaýyş şertleriniň barha gymmatlaýandygy sebäpli, öz pensiýalarynyň 25% azalandygyny aýdýarlar. Hormatly dynç alyşa çykanlar ýurduň häzirki hökümetinden ýitirilen pensiýalarynyň öwezini dolmagyny we her ýyl pensiýa indeksasiýasyny geçirmegini talap edýärler.