Pakistan Twitterden Bibiniň ‘ýalan’ suratlaryny aýyrmagy sorady
Pakistanyň hökümeti Twitter we beýleki sosial ulgamlaryna ýüzlenip, golaýda dine dil ýetirmek aýyplamalaryndan aklanan hristiýan aýalynyň ýurduň daşyna çykandygy barada peýda bolýan, “ýasama” diýip häsiýetlendiren suratlarynyň öňüni almagy sorady.
Hökümet Asia Bibiniň heniz hem Pakistandadygyny, emma aşa dinçi toparlarynyň ölüm haýbatlary sebäpli, onuň saklanýan ýeriniň äşgär edilmeýändigini aýtdy.
Ýurduň maglumat ministri Fawad Çaudhrynyň aýtmagyna görä, bir kanunçykaryjynyň, hamana, Bibi bilen durup düşen “ýasama” suraty peýda bolandan soň, ol resmä ölüm haýbatlary atylypdyr.
“Şular ýaly ýasama suratlar sebäpli adamlaryň öldürilmegi hem mümkin” diýip, Çaudhry AP agentligine gürrüň berdi.
Asia Bibi bilen bagly suratlar Pakistanyň sosial ulgamlarynda barha köp peýda bolup başlady.
“Biz bular ýaly ýalan habarlaryň öňüni almak üçin Twitter we Facebook bilen hyzmatdaşlyk etmäge synanyşýarys” diýip, Çaudhry sözüne goşdy.