Russiýa Dawos forumyny boýkot etjekdigi bilen haýbat atýar
Russiýa Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçmeli Bütindünýä Ykdysady Forumyna rus tütjarlary goýberilmese, onda Moskwanyň bu abraýly çäräni boýkot etjekdigini aýtdy.
“Eger-de Russiýanyň biznes wekillerine garşy kabul edilen ähli kararlar aradan aýrylmasa, onda biz döwlet resmileriniň we rus kompaniýalarynyň Dawosdaky foruma gatnaşmak planlaryny ýatyrmaly bolarys” diýip, premýer-ministr Dmitriý Medwedýew aýtdy.
Dawos forumy ýanwarda geçirilip, oňa halkara syýasy we biznes liderleri gatnaşýarlar.
Mundan öň, ABŞ-nyň gara sanawyna girizilen ençeme rus milliarderiniň, şol sanda Oleg Deripaskanyň we Wiktor Wekselbergiň bu çärä gatnaşmazlygy soralandygy barada maglumatlar peýda bolupdy. Britaniýanyň “Financial Times” gazeti munuň Waşingtonyň basyşy sebäpli edilendigini aýtdy.
ABŞ Russiýanyň 2015-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna goşuldy diýilýän aýyplamalaryň çäginde, Moskwany jezalandyrmak maksady bilen, rus tütjarlaryna garşy sanksiýalary girizipdi.