Täjigistanda dokuz ýigit terrorçylykda aýylanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
Täjigistanda 22 ýaşyndaky iňlisi dili mugallymy we onuň dört studenti, ýene-de 5 sany ýaş ýigit terrorçylyk aýyplamalarynda günäli tapylyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
Duşenbe şäher sudy16-njy noýabrda Jahongir Kosimowy ýaş täjikleri “Yslam döwleti” jeňçi toparyna goşulmaga çekmekde günäli tapyp, 19 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Ýene dokuz ýigit, şol sanda Koosimowyň dört studenti dini ekstremizmi wagyz etmekde we YD-a goşulmakçy bolmakda günäli tapyldy.
Olara alty aýdan 19 ýyl aralygynda türme möhletleri berildi. Kosimow öz studentleriniň arasynda YD ideýalaryny wagyz edendigini boýun aldy.
Ýyl kesilen dört erkek şu ýylyň başynda täjik-owgan serhedinden bikanun geçjek bolanda tutuldy. Soň olar Owganystandaky YD toparlaryna goşulmakçy bolandygyklaryny boýun aldylar diýip, garyndaşlary aýtdy.
Aklawçylarynyň aýtmaklaryna görä, ýyl kesilen 9 erkegiň käbiri suduň kararyndan şikaýat etmegi planlaşdyrýar.