Putin Orsýetiň saudlylar bilen nebit öndürmegi jylawlamak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdýar
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, nebitiň bahasynyň gaty arzanlamagyny gowşatmak üçin, Moskwa Saud Arabystany bilen nebit çykarmagy kemeltmek boýuça hyzmatdaşlyk etmäge taýýar diýdi, ýöne özüniň nebit bahalarynyň aşaklamagyndan razydygyny hem sözüne goşdy.
Ýokary derejeli çig nebitiň bahasy oktýabrda barreli $86 bolanlygyndan 15-nji noýabrda arzanlap, $66 derejesine düşdi.
Bu arzanlaşyk esasan Birleşen Ştatlaryň şu aýyň başynda Tähranyň köp uly nebit müşderileri babatynda Eýrana garşy sanksiýalaryny wagtlaýyn togtadýandygyny yglan etmegi bilen düşündirilýär.
Putin Singapurda guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, nebitiň barreliniň $70 bolmagy Moskwa üçin “ýaramly” diýdi.