Owgan "Talybanynyň" Katarda ABŞ wekili bilen gepleşik geçirendigi aýdylýar
“The Associated Press” “Talybanyň” ýokary derejeli agzalarynyň Katarda ABŞ-nyň Owganystan boýunça parahatçylyk wekili Zalmaý Halylzat bilen üç günlük gepleşik geçirendigini habar berýär.
18-nji noýabrda berlen maglumata görä, Katarda, owgan jeňçi toparynyň syýasy edarasynyň ýerleşýän ýerindeHalylzad bilen geçirilen gepleşiklere “Talyban” tarapyndan Hyrat welaýatynyň ozalky gubernatoryKhairullah Khairkhwa, ozalky harby ýolbaşçy Mohammed Fazel dagy gatnaşdy.
Khairkhwa we Fazel 2014-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň Kubadaky Guwanatanamo Beý harby tussaghanasyndan ýesir alnan amerikan esgeri Bowe Bergdahl bilen alyşmak netijesinde goýberilen uly derejeli bäş “Talyban” resmisiniň arasynda azatlyga çykdy.
Ozalky Guwantanamo Beý tussaglarynyň bäşisi hem häzir Katarda ýerleşýär we olaryň Owganystanda söweşýän “Talyban” söweşijileri bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmak üçin ýeterlik täsirleri bardyr öýdülýär.
ABŞ-nyň döwlet departamenti amerikan resmileri bilen “Talybanyň” arasynda geçirilendigi aýdylýan gepleşikler barada düşündiriş bermekden boýun gaçyrdy.
Halylzat soňky günlerde bu sebite sapar edýär. Ol 18-nji noýabrda Kabulda owgan prezidenti Aşraf Gani bilen duşuşdy.
Owgan mediasy 18-nji noýabrda Halylzada salgylanyp, onuň “Talyban” bilen parahatçylyk ylalaşygyna Owganystanda 2019-njy ýylyň 20-nji aprelinde geçiriljek indi prezident saýlawlaryndan öň gelinmegine umyt baglaýandygyny habar berdi.