Poroşenko NATO gämileriniň Azow deňzine ugradylmagyny sorady
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko NATO ýüzlenip, Russiýanyň Krymyň kenalarlarynda ukrain gämilerini we ekipaž agzalaryny ele geçirenden soň, Ukrainany goramaga hemaýat bermek üçin Ýaranlygyň gämilerini Azow deňzine ýollamagyny sorady.
Germaniýanyň Bild neşirine beren interwýusynda Poroşenko Ýewropa döwletleriniň aktiw ädimleri ätjekdigine, şol sanda Russiýadan goranmak üçin harby hemaýaty berjekdigine we Moskwa garşy ýene sanksiýalary girizjekdigine umyt edýändigini aýtdy.
25-nji noýabrda Russiýanyň 2014-nji ýylda basyp alan Krym ýarymadasynyň kenarlarynda rus serhetçileri ukrain gämilerine ot açypdylar.
“Biz NATO döwletleriniň Ukrainany goldamak we howpsuzlygy üpjün etmek üçin öz gämilerini Azow deňzine ugratmaga taýýardygyna umyt edýäris” diýip, Poroşenko belledi.
Poroşenko rus prezidenti Wladimir Putiniň özüni “rus imperatory” saýýandygyny we Ukrainany rus “koloniýasy” hökmünde görýändigini belledi.