Bişkekde Hytaýdaky etniki gyrgyzlary goramak boýunça komitet döredildi
Gyrgyzystanda Hytaýdaky etniki gyrgyzlary goramak bovunça komitet döredildi.
Bu habar Pekiniň Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiaň sebitinde ýaşaýan köpmilletli ýerli adamlara garşy basyşlaryny güýçlendirýändigi baradaky habarlara gabat geldi.
Hytaýdaky gyrgyz halkyny goramak komiteti aktiwistler we Gyrgyzystana göçüp gelip, gyrgyz raýatlygyny ýa-da oturym rugsadyny alan gyrgyz aýallary we erkekleri tarapyndan döredildi.
Olar 29-njy noýabrda Bişkekde geçiren başlangyç duşuşyklarynda garyndaşlarynyň, Sinjiaýňda bolýan ýa-da Gyrgyzystana göçenlerinden soň Sinjiaňa gezmäge baran adamlaryň tussag edilip, “gaýtadan terbiýeleýiş lagerleri” diýilýänlerde hiç kim bilen gürleşdirilmän aýlap ýa-da ýyllap saklanylandygyny gürrüň berdiler.
Şu aralykda goňşy Gazagystanda hem Sinjiaňy terk eden etniki gazaklaryň bir topary ýygnanyp, 30-njy noýabrda Almatydaky Atažurt ýaş meýletinçiler merkezinde duşuşyk geçirdiler.
Olar gazak häkimiýetlerini we halkara jemgyýetçiligini Hytaýda şeýle lagerlerde saklanylýan garyndaşlaryny azat etmäge çagyrdylar.
1991-nji ýylda Sowet Soýuzy synyp, Gazagystan we Gyrgyzystan garaşsyz ýurt bolanyndan soň, Sinjiaňdan gelen etniki gazaklar we gyrgyzlar, Merkezi Aziýanyň iki ýurdundaky döwlet programmalaryndan peýdalanyp, bu ýurtlary watan tutundylar.