Moskwa sudy gazak biznes tütjarynyň ekstradisiýa edilmegini tassyklady
Moskwanyň şäher sudy gazak biznes tütjary Žomart Ertaýewiň Astana ekstradisiýa edilmegini tassyk etdi, ol Gazagystan tarapyndan maliýe galplyklarynda aýyplanyp gözlenýärdi.
Suduň sözçüsi Ulýana Solopowa 11-nji ýanwarda Gazagystanyň baş prokurorynyň Ertaýewiň ekstradisiýa edilmegi baradaky talabynyň kanuny esasly diýlip tapylandygyny aýtdy.
Ertaýewiň aklawçysy Alekseý Petrow suduň bu kararynyň üstünden şikaýat ediljekdigini aýtdy.
Moskwa polisiýasy Ertaýewi 2018-nji ýylyň maýynda, Gazagystanyň talaby esasynda saklady we gaçgaklykdaky oligarhy öý tussaglygynda ýerleşdirdi.
Ertaýewiň aklawçylary öz müşderileriniň gazak raýatlygyndan ýüz öwrendigini we, eger yzyna – Gazagystana iberilse öldürilmeginiň mümkindigini aýdyp, Orsýetden syýasy gaçybatalga sorandygyny aýtdylar.
Gazak häkimiýetleri onuň Gazagystandaky RBK bankynda geňeşçi bolan wagtynda galp kompaniýalara 80 million dollardan gowrak karz berilmegine kömekçi bolmakda güman edilýändigini aýdýarlar.