Moskwanyň merkezindäki binada bolan ýangynda azyndan dört adam öldi
Moskwanyň merkezindäki binada bolan ýangynda azyndan dört adam öldi diýip, adatdan daşary gullugyň resmileri aýdýarlar.
4-nji fewralda irden dörän ýangynda Nikitskiý bulwaryndaky bina ot aldy we ýangyn 2000 m2 meýdana çenli ýaýrady diýip, resmileri belleýärler.
Resmiler bu binada 100-den gowrak ýaşaýyş jaý kwartirasynyň bardygyny hem aýtdylar.
Ýangynyň döremegine nämäniň sebäp bolandygy barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.
Döwlet eýeçiligindäki “TASS” habar gullugy bu binadaky adaty dört otagly kwartiranyň bahasynyň 1,4 million amerikan dollaryna barabardygyny we onda sungat äleminiň käbir ussatlarynyň ýaşaýandygyny habar berdi.