Putin, Erdogan we Rohani Siriýa boýunça Soçide maslahat geçirerler
Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň liderleri Siriýadaky ýagdaýy maslahat etmek üçin 14-nji fewralda Gara deňziň kenaryndaky Soçi şäherinde duşuşmagy planlaşdyrýarlar. Bu barada Türkiýäniň we Russiýanyň döwlet medialary habar berýär.
3-nji fewralda ýaýradylan habarda rus prezidenti Wladimir Putiniň, türk lideri Rejep Taýýyp Erdoganyň we Eýranyň döwlet baştutany Hassan Rohaniniň geçirmegi planlaşdyrýan duşuşygynyň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.
Ýöne Russiýanyň NTV neşiriniň maglumatyna görä, liderler Siriýanyň Idlib şäheriniň töweregindäki “de-eskalasiýa” diýilýän zonalardaky ýagdaýlar we Birleşen Ştatlaryň goşunynyň bu ýurtdan çykmak planlary barada maslahat ederler.
Bu üç ýurt Siriýada ýedi ýyl bäri dowam edýän raýat urşunyň soňuna ýetmek üçin syýasy çözgüdi isleýändiklerini aýdypdylar.
Bu raýat urşunda Moskwa we Tähran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýarlar. Şol bir wagtda, Türkiýe we Birleşen Ştatlar dürli pitneçi toparlaryň tarapyny tutýarlar.